Soňky habarlar

Dabaraly duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp «Ýollarymyz rowan – geljegimiz dowam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan duşuşyga professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygynda ýokary okuw mekdebimizden baýrakly orny eýeläp, Şa serpaýyna mynasyp bolan talyp ýaşlarymyza sowgatlar gowşuryldy.  

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Orazhöwez MYRATGULYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.