Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň saglyk üçin iňňän peýdalydygyny öz çykyşlarynda häli-şindi nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda sport bilen meşgullanmagyň bedeniň dürli kesellere garşy durujylygyny ýokarlandyrýandygy hem subutnama talap etmeýän hakykatdyr.
Hut şu sebäpli hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak häzirki döwürde has hem wajyp ähmiýete eýe bolýar. Sporty özlerine hemişelik hemra edinen ildeşlerimiziň sanynyň gün-günden artýandygy hem örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar-ýetginjekler sport mekdeplerinde sportuň oýun we ýaryş görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işleri hem başlandy.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Olimp» orta sport mekdebinde hem ýaşajyk türgenler sportuň futbol, basketbol we ýeňil atletika görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşýärler. Netijeli türgenleşikleriň bolsa uly üstünlikleriň girewidigi subut edilen durmuş hakykatydyr.
www.msy.gov.tm