Soňky habarlar

UEFA ökdeleri mälim etdi

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) 2019-2020-nji ýyllarda möwsümiň iň güýçli oýunçylaryny atlandyrdy. Baýraklary gowşurmak dabarasy Ženewada Çempionlar ligasynyň bije atyşlygynyň çäklerinde geçirildi.

Möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip Robert Lewandowskiý yglan edildi. Germaniýanyň «Bawariýasynda» çykyş edýän bu polşaly futbolçy, şeýle-de Çempionlar ligasynyň hem iň gowy hüjümçisi hökmünde ykrar edildi.

Iň gowy derwezeçi diýlip «Bawariýanyň» derwezebany Manuel Noýer, iň gowy ýarym goragçy hökmünde Angliýanyň «Mançester Siti» toparyndan Kewin De Breýne, iň gowy goragçy diýlip bolsa «Bawariýanyň» futbolçysy Ýozua Kimmih yglan edildi. Möwsümiň iň gowy tälimçisi «Bawariýanyň» tälimçisi Hans-Diter Flik boldy.

2019/2020 möwsümde Lewandowskiý geçiren 47 duşuşygynda 55 pökgini derwezeden geçirdi, şol sanda ol 15 goly Çempionlar ligasynda geçirmegi başardy. Bu netijesi ony çykyş eden ähli ýaryşlarynda iň köp gol geçiren futbolçy bolmaga getirdi.

De Breýne 22 gezek netijeli pas berip, Ýewropa möwsüminiň iň gowy pas berýäni boldy.

Noýer «Bawariýanyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, ol bu ýaryşda geçiren on bir duşuşygynyň altysynda derwezesine hiç hili top goýbermedi. Ol öz topary bilen Germaniýanyň çempionatynda hem-de kubogy ugrundaky ýaryşda hem ýeňiji boldy.