Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Şota Arweladze «Pahtakor» bilen türkmen tälimçisiniň görkezijisini gaýtalap bilermikä?

Gruziýaly tälimçi Şota Arweladze Daşkendiň «Pahtakory» bilen Aziýanyň çempionlar ligasynyň çärýek finalynda oýnamaga hukuk hazandy.

Olar 1/8 finalda Eýran Yslam Respublikasynyň «Istiklolyndan» 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Çempionlar ligasynda yzygiderli çykyş edýän «Pahtakoryň» taryhyndaky iň uly üstünlikler 2002-2004-nji ýyllara degişlidir.

 Şonda daşkentliler Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Täçmyrat Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2 gezek Aziýanyň çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykypdylar.

Ozalky meşhur futbolçy Şota Arweladze indi tälimçi hökmünde türkmen hünärmeniniň ýeten sepgidini eýeläp bilermikä?

«7/24.tm» (hepdelik elektron goşundy)