Soňky habarlar

Baýramçylygyň bosagasyndaky duşuşyk

Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgeleri we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň jogapkär işgärleri wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edip, degişli ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirdiler.

Aşyrmyrat ORAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.