Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan geçirilen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 29 ýyllyk şanly senesiniň bosagasynda geçirilmegi onuň täsirini artdyrdy. Ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary milli oýunlary wagyz etmek babatdaky döwletli başlangyja işjeň gatnaşyp, olaryň has tapawutlananlary ýeňiji diýlip yglan edildi, şeýle-de höweslendiriji sowgatlara mynasyp boldular.
«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryna mynasyp jogap bermek üçin yhlas etjekdiklerine ynandyrdylar.
Baýrak gowşurylyş dabarasyna TNÝG-niň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
www.msy.gov.tm