Gadym döwürlerde türkmen milli göreşinde «Gezek bermek» düzgüni bolupdyr. Häzir-häzirler hem «Pälwan, indi gezek sendedir» diýlip aýdylýandygyna duş gelinýär. Beýle diýildigi haýsy hem bolsa bir pälwan hüjüm etmek gezegini alýar diýildigidir.
Hüjüm etmek gezegi, köplenç, myhman pälwanlara hormat goýmak bilen berlipdir. Käbir ýagdaýlarda, ikisi hem hüjüm etmegi halaýan pälwanlar göreşende, hüjüm etmek gezegini bir-birinden öňürti almaga isleg bildiripdirler. Şu hili ýagdaýlarda hüjüm etmek gezegini bije çekmek arkaly çözüpdirler. Sebäbi, pälwanlaryň haýsy biri ilki hüjüm emellerini ýerine ýetirse, ýeňiş gazanjakdygyna doly ynanypdyr.
Geçmişde türkmen milli göreşiniň kadasynda «Ýagyrnysyny degirmek» arkaly ýeňşi kesgitläpdirler. Muny şu güne çenli dowam edip gelýän «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwan» diýen söz düzümi bilen hem delillendirmek bolýar.
www.serhetabat-dovletabat.gov.tm