Sportuň bowling görnüşi bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Esasanam, Aziýa yklymynda oňa uly üns berilýändigini aýtmalydyrys. Soňky ýyllarda, hususanda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryndan soňra bowlinge bolan gyzyklanma has-da artdy. Türkmenistana wekilçilik eden bowlingçileriň Aşgabat Aziadasyna gatnaşmagy olaryň tejribe toplamagyna mümkinçilik berdi. Ata Watanymyzda bowling bilen gyzyklanýan ýaşlaryň, şeýle-de uly ýaşly adamlaryň hem hatarynyň artýandygy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagalalsy bilen durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň öz miwesini berýändigini görkezdi.
Sportuň täze görnüşlerini diňden ýaýbaňlandyrmak boýunça durmuşa geçrilýän işleriň netijesinde barha muşdagy köpelýän görnşleriň birine öwrülýän bowling boýunça milli çempionatyň, kubok ýaryşlarnyň guralyp durulmagy netijesinde bu ugurda hem başarnykly ýaşlaryň kändigine göz ýetirýäris. Olar ýaryşsaýy tejribe toplamak bilen has uly ýaryşlarda hem mynasyp çykyş etmäge taýýarlanýarlar.
Bowling diňe bir professional sport hökmünde däl, eýsem höweseňleriň arasynda-da uly meşhurlykdan peýdalanýar. Diýmek, ol sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän ildeşlerimiziň hem söýgüsini gazanýar. Çünki lukmanlar bowlingiň ynsan ömrüni uzaltmakda, saglygymyzy goramakda, hemişe işjeň ýagdaýda bolmagymyzy gazanmakda netijeli sport oýunlarynyň biridigini belläp geçýärler.
«7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy