Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly çuň manyly kitaby alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýär. Şeýlelikde, milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyny dünýä ýaýmakda bu kitap bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmedir.
Şoňa görä, paýtagtymyzda geçirilen edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisiniň çäklerinde milli Liderimiziň arap dilinde neşir edilen «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Täze neşiriň çap edilmegi Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm wakadyr. Şol gatnaşyklar ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär.
www.metbugat.gov.tm