Soňky habarlar

Hoşallyk maslahaty

02.09.2020. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata professor-mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de sport hünärmenleri gatnaşdylar.

Bu ýerde ilki bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän sport syýasaty barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle-de, bu ýerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow, ministrligiň hünärmeni Ý.Aşyrmyradow hem-de institutyň mugallymlary çykyş etdiler.

Hoşallyk maslahatynyň tutuş dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda täze binalaryň ulanylyp berilmegi, şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan sport syýasaty barada hoşallyk sözleri aýdyldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşlary hem ýatdan galmajak täsirleri bagyş etdi.

Maksatmuhammet ORAZDURDYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.