Çagany irki ýaşdan suwda ýüzmek sportuna gatnatsaňyz onuň geljekki ösüşiniň sagdynlygyny kepillendirersiňiz. Suwda ýüzmek boýunça tälimçiler ezber suwda ýüzüjileri ýetişdirmek üçin ene-atalaryň gyzyklanýan soraglaryna şeýle jogap berýärler.
—Çagalar haçan suwda ýüzmäge gatnap biler?
—Çagany 3-4 aýlyk bäbeklikden başlap suw bilen tanyşdyrmak bolar. Bäbekler suwuň içinde özlerini erkin duýýarlar we ululardan birnäçe hereketler öwrenýärler. Bäbeklikden suwa öwrenişdirilen çagalaryň 5-6 ýaşda deň-duşlarynyň arasynda çempion bolmak mümkinçiliginiň ýokarygyny belleýärler. Professional ýüzüjiler özleriniň 6-7 ýaşlaryndan sport bilen meşgullanýandyklaryny belleýärler.
—Suwda ýüzmek çaga nähili täsir eder?
—Eger çagada lukman tarapyndan bellenilen bir keseliň kesgidi bolmasa, onda suwda ýüzmegiň hiç hili zyýanly täsiri ýokdur. Sportuň bu görnüşi bedeniň fiziologik ýagdaýyna, işjeňlige, bil-oňurga böleginiň sagdynlygyna örän peýdalydyr. Galyberse-de çaganyň sport bilen meşgullanyp başlamagy durmuşda hemişe özüni ynamly alyp barmaga ýardam eder.
—Beden gurluşy nähili çagalar bu sportda professional bolar?
—Bedeni dik, hereketleri çeýe hem çakgan, sagdyn çagalar suwda ýüzmek sporty bilen meşgullanyp başlasa, ýetginjeklikde ýokary üstünlikleriň eýesi bolar we geljekde professional ýüzüji bolup ýetişer.
—Türgenleşik nähili alnyp barylýar?
—Suwda ýüzmek üçin paýtagtymyzda we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde suw toplumlary, sport toplumynyň çägindäki suw howdanlary hereket edýär. Ol ýerde tejribeli tälimçiler çagalara suwda ýüzmegiň tehnikalaryndan başlap, tiz ýüzmegiň, suwuň astynda dogry dem almagyň kadalary we suwda ýüzmegiň görnüşleri, aýratynlyklary bilen bagly ähli düzgünler boýunça türgenleşik işlerini geçýärler.
Taýýarlan Şirin ŞIRLIÝEWA.