Sportuň haýsy görnüşini alanyňda hem onuň ynsan saglygyny berkitmekde oňaýly täsiriniň bardygy subut edilen hakykatdyr. Emma adamlar adatça has işjeň we hereketli görnüşleriň saglyga peýdasynyň köpdügine ynanýarlar. Bu babatda olaryň dogry pikirlenýändiklerini geçirilen tejribeler we barlaglar tassyklaýar. Emma sportuň bilýard ýaly daşyndan göräýmäge az hereketi talap edýän görnüşiniň hem diýseň netijelidigini aýtmak gerek.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bilýardçylar bir döwüň dowamynda özleri üns bermezden 2-3 kilometr aralygy geçýärler. Lukmanlar munuň artykmaç agramy aýyrmaga, ýürek bilen bagly keselleriň döremeginiň öňüni almaga we saglygyňy berkitmäge ýeterlikdir. Şeýlelikde, bilýard oýnan adam hem wagtyny gyzykly geçirýär, hem-de saglygyny goramaga mümkinçilik alýar.
Bilýardyň şol bir wagtyň özünde sportuň görnüşi hökmünde ýokary netijeleri gazanyp, ata Watanymyzyň sport abraýyny goramaga-da mümkinçilik berýändigini bellemek gerek. Bu ugurda yzygiderli meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda öňde geçiriljek ýaryşlara taýýarlanýan bilýardçylarymyz soňky gezek iýun aýynyň ahyrynda Aşgabat şäheriniň birinjiligine gatnaşdylar. Aşgabat şäheriniň «Altyn Aý» bilýard merkezinde guralan bu ýaryşyň guramaçysy bolup Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasy çykyş etdi.
www.msy.gov.tm