Sport islendik ýaşly ynsanyň saglygyna peýdaly. Emma çagalary irki ýaşdan sporta gönükdirmegiň geljekde sagdyn jemgyýetiň binýadyny kemala getirýändigini unutmaly däldiris. Çagalaryň fiziki işjeňliginiň kadalaşmagy olaryň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar, bedenini kislorod bilen üpjün edip, agşamky ukusynyň rahatlygyny sazlaýar, çagalary özüni oňaýly duýmagyna täsir edýär.
Çagalar üçin sportuň görnüşleri saýlananda, olaryň fiziki aýratynlyklarynyň göz öňüne tutulmagy maksadalaýykdyr. Eger siziň çagaňyz daş-töwerekde hemişe ylgaýan, bir ýerde durmak islemeýän çeýe çaga bolsa, ony ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine ugrukdyrmagyňyz netijeli bolar. Ýa-da çagaňyz çepiksi bolup, agaja ýa beýleki ýerlere dyrmaşmagy söýýän bolsa, onda alpinizmde üstünlik gazanyp biler. Şeýlelikde, her bir çaganyň tebigy başarnygy oňat seljerilse, olara sportuň özleri üçin dogry görnüşini saýlamakda kynçylyk döremez.
Çagalar üçin sportuň görnüşleri saýlananda, olaryň özlerini diňlemegi hem ýadyňyzdan çykarmaň! Käbir ene-atalar çagalaryny özleriniň ýaşlykda gatnan sport görnüşine ýa-da özleriniň janköýerlik edýän sportuna ugrukdyrýarlar. Emma sport bilen yzygiderli meşgullanmakda, geljekde ezber türgen bolup ýetişmekde, aýratyn-da sport dünýäsine ynamly girişmekde çaganyň islegi, tebigy ukyby möhümdir.
Käte gürrüňçilikde kärdeşlerimiz çagasynyň okuwdan soň dil merkezine ýa beýleki gurnaklara gatnaýandygy üçin sport bilen meşgullanmaýandygyny aýdýarlar. Olar öz pikirlerini çagalarynyň sapaklara ýetişmezligi, artykmaç ýüklemeleriň bedene agram beräýmegi baradaky aladalary bilen delillendirýärler. Emma okuwdan soňky boş wagtyny öýde geçirýän çagalaryň hem daşarda ylgaýandyklary, bökýändikleri, kowalaşýandyklary barada pikir ediň! Alymlaryň aýtmagyna görä, fiziki maşklar bilen mekdepdäki ýetişigiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bar. Çaga näçe köp türgenleşse, ol şonça sapaklaryny hem gowy özleşdirýär. Fiziki işjeňligi gazanmak maglumatlary ýeňil kabul etmäge, ýadamazlyga, ünsüňi güýçlendirmäge oňyn täsir edýär.
Irki ýaşdan sporta gönükdirmek üçin görnüşler saýlananda, çaganyň saglyk ýagdaýynyň hem göz öňünde tutulmagy zerur şertleriň biridir. Ene-ata çagasynyň saglyk ýagdaýyny hemmelerden, hatda çaganyň özündenem gowy bilýär. Sport bilen meşgullanmak saglyga peýdaly bolup, bedeniň kuwwatlylygyny artdyrýan hem bolsa, sportuň ýörite bedeniň belli bir bölegine, agzasyna oňyn täsir edýän görnüşleriniňem bardygyny ýatlatmak isleýäris.
Umuman, çagalykdan sportuň özleri üçin dogry görnüşi bilen meşgullanmak geljekde il-günümize abraý, ata Watanymyza şan getirjek türgenleriň kemala gelmeginde möhüm başlangyçdyr.
Şirin ŞIRLIÝEWA,
žurnalist.