Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Erkin göreş boýunça açyk birinjilik geçirilýär

Häzirki wagtda paýtagtymyzda erkin göreş boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirilýär.

Ýaryş «Galkynyş» sport-sagaldyş toplumynyň  sport zalynda guralýar.

6-njy sport mekdebiniň açyk birinjiligine Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň türgenlerine gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Ýaryşda 2005-nji ýylda doglan türgenler 48 kg., 61 kg.,  65 kg., +75 kg., 2006-2007-nji ýylda doglan türgenler 32kg., 35 kg., 42 kg., 45 kg., 2008-2009-njy ýylda doglan türgenler 28 kg., 35 kg., 38 kg., 42 kg., +60 kg., 2010-2011-nji ýylda doglan türgenler bolsa 20kg., 24 kg., 28 kg. agram derejesinde bäsleşýärler.

Ýaryşda tapawutlanyp baýrakly orna mynasyp bolan türgenlere Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we 6-njy sport mekdebiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

www.msy.gov.tm