Soňky habarlar

Talyplar bilen duşuşyk

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanan duşuşuk «Ýaş žurnalistleriň hünärlerini kämilleşdirmek we olaryň ukyplaryny ösdürmek» diýip atlandyryldy.

Duşuşyga «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň wekilleri hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle-de, talyplar Aýna Goçowa, Aýsoltan Muhametdawydowa we Şaperi Gurbanberdiýewa çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan žurnalistikany ösdürmek we ýaşlaryň saýlap alan kärine kämilleşmegi üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda buýsançly gürrüň edildi.

www.msy.gov.tm