Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezindäki sport ýaryşlary

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alşynyň täsirli geçmegi üçin birnäçe sport çärelerini meýilleşdirdiler.

Golaýda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň futbol, tanap çekmek, küşt, şaşka, el göreşi, tigir sürmek boýunça ýaryşlar hem-de «Kim çalasyn?» bäsleşigi geçirildi.

Ýaryşlaryň her biri örän gyzykly geçip, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.