2020-nji ýylyň 30-njy maýynda Balkan welaýat häkimliginiň, Serdar şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň we Balkan welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilen bilelikde guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki çagalar sagaldyş dynç alyş alyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň alyş dabarasy boldy.
Dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary, şeýle-de Serdar şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, sportuň kiçi futbol, küşt, şaşka görnüşleri boýunça özara bäsleşikleri geçirildi.
2020-nji ýylyň 31-nji maýynda Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Balkanabat şäher häkimliginiň we TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda sport işgärleriniň we talyp ýaşlaryň arasynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän bu halkara möçberli baýramyň daşky gurşawy we saglygy goramaga edýän täsiri hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny dileg edip, özleriniň her bir döwletli başlangyja işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi.