«Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýylynda 2020-nji ýylynyň 28-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň demirgazyk bölegindäki Gurtly kölüniň kenarynda syýahatçylygy ösdürmek hem-de adamlaryň döwrebap dynç almaklary üçin dynç alyş zolagyny gurmak baradaky beren tabşyryklaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Daşoguz welaýatynda hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistan Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri gatnaşdylar.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zaly geçirilen maslahatda Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Röwşen Haljanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni Maral Täjibaýewa, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa gatnaşdy. Olar milli Liderimiziň syýahatçylygy ösdürmek baradaky başlangyçlary hakynda buýsançly gürrüň etdiler.
www.msy.gov.tm