Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny-2020» atly döredijilik festiwaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary guramaçylykda geçirildi.
Dabaranyň başynda «Arkadagym Siz bilen» diýen aýdym ýaňlandy. Soňra taryhda yz galdyran şahsyýetimiziň keşbini janlandyrýan edebi-çeper sahna bilen dowam etdirildi. Şeýle-de, dabarada «Näzlim gelýär», «Söýgi kenary», «Ak ýüzli Maralym», «Tans edeliň», «Lukman gyz» we «Ýaşylbaş» ýaly birnäçe aýdymlar ýaňlandy. Talyplaryň işjeň gatnaşan bu festiwalynda halk döredijiliginden ýerine ýetirilen parça dabaranyň täsirini artdyrdy.
Döredijilik festiwaly «Arkadagly Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany, ýaňlansyn sagdynlygyň bagtyýarlygyň mukamy» atly edebi-çeper kompozisiýa bilen jemlendi.
Şaperi OTUZOWA,
TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.