Soňky habarlar

«Sagdyn durmuş bagtymyzyň açary»

Golaýda Gökdepe etrabynyň 23-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşyk «Sagdyn durmuş bagtymyzyň açary» ady bilen guraldy.

Dabarada ýaşlaryň arassaçylyk düzgünlerini gündelik berjaý etmekleriniň wajyplygy dogrusynda gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda hünärmenler çykyş edip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti hakynda düşündiriň işini geçdiler. Soňra bolsa okuwçylar bilen sowal-jogap alşyldy.

Mekdep okuwçylarynyň işjeň gatnaşan bu maslahaty «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Gökdepe etrap şahamçasynyň, Türkmenistan Ýaşlar Gurmasynyň Gökdepe etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi.