Soňky habarlar

Dabaraly maslahat

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň gulluk resminamalarynyň gowşurulyş dabarasyna gatnaşdy.

 Şol taryhy waka mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde «Mugallym, edermen esger,  Berdimhamet Annaýewiň şöhratly durmuş ýoly Watana, halka wepaly gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr» atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli  işleri we golaýda geçirilen bu dabaranyň ähmiýeti barada, hormatly Prezidentimiziň atasy, edermenlikde we gaýduwsyzlykda halkymyza nusga bolan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly barada täsirli nutuklary bilen çykyş etdiler.

Dabara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň  «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýerirmeginde eziz Arkadagymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymy bilen jemlendi.

 Şaperi OTUZOWA

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.