Ýakynda Aşgabat şäheriniň «Aşgabat» seýilgähiniň Aşgabat binasynyň öňünde «Dünýä – biz seniň bilen!» atly teleýazgy geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň «Ýaşlar» bedenterbiýe-sport guramasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmen döwlet Habarlar gullugynyň, Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň jogapkärliginde guraldy.
Ýazga kümüş saçly enelerimiziň, atalarymyzyň, körpeler, ýaş türgenler, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyp lukmanlary, Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Şöhrat ORAZOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.