Golaýda sportuň erkin göreşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Aşgabat şäheriniň «Galkynyş» bedenterbiýe sagaldyş toplumynda guralan bu ýaryşda 7 topardan 94-den gowrak türgen bäsleşdi.
Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde Hojanepesow Myrat (57 kg.), Nazarow Rüstem (61 kg), Hojakow Kerim (65 kg.), Amanmyradow Arslan (70kg.), Nebiýew Batyr (74 kg.), Öwezberdiýew Gurbanmyrat (79 kg.), Orazgylyjow Döwlet (86 kg.), Gajiýew Azat (92kg.), Saparow Zyýamuhammet (97 kg.), Hemelýäýew şatlyk (125 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup , ýeňişlerini baýram etdiler.
Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň sowgatlary gowşuryldy.
Döwranberdi AMANBERDIYEW,
«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metodisti.