2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Ermenistanyň küşt Akademiýasynyň we küşt boýunça milli federasiýasynyň hünärmenleri bilen wideo maslahat geçirildi.
Wideo maslahatyň dowamynda dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlygy berkitmek, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek hakynda gürrüň edildi. Sportuň küşt görnüşini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň, okuw sapaklarynyň, ýaryşlaryň, köpçülikleýin çäreleriň guralyşy barada pikir alşyldy.
Türkmenistanly we ermenistanly küşt hünärmenleri özara hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak boýunça gepleşikler geçirdiler. Wideo maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň we Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Näzik AMANOWA,
Aşgabat şäheriniñ sport we yaşlar syýasaty Baş müdirliginiñ Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniñ müdiriniñ orunbasary.