Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde köçe-ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek barada terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyk-maslahaty geçirildi.

Maslahata hormatly myhman bolup Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygynyň müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Köpetdat etrabynyň Polisiýa müdirliginiň we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 109-njy harbylaşdyrylan Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

 Okuwçy-türgenleriň mekdepde we jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini tertipli alyp barmaklaryny, saglyklaryna zeper ýetirjek ähli zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermeklerini, howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryny berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen maslahata mekdepde zähmet çekýän işgärler we türgen okuwçylar gatnaşdylar.

Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Jemal MURADOWA,

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktorynyň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.