Soňky habarlar

Welosipedli ýöriş Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrdy

 ​​​​2020-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda geçirilen welosipedli ýöriş Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän medeni-sport çärelerini dabaralandyrdy.

Ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşi bolan welosipediň hem-de  fiziki işjeň hereketleriň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we halk köpçüligi welosipedli ýörişe işjeň gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda geçirilen 20 kilometr aralyga uzan welosipedli ýöriş üstünlikli tamamlandy. Ýörişiň netijesi boýunça tapawutlananlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

1. Saýlaw Gylyjow,  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Maglumatmat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmakak» fakultetiniň  2-nji ýyl talyby.

2. Babageldi Seýitnazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimpiýa» fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

3. Röwşen Amangeldiýew,  Türkmenistanyň Inzener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Demir ýol ulaglar» fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Bagtygül ÇARYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.