Soňky habarlar

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen bu bäsleşige atlaryň 10-dan gowragy gatnaşdyryldy. 
Konkur — atçylyk sportunyň iň bir gyzykly görnüşleriniň biridir. Taryhdan mälim bolşy ýaly, konkur ilkinji gezek 1869-njy ýylda Angliýada geçirilipdir. Häzir konkury ösdürmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar.

Atçylyk sportunyň bu görnüşiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Şonuň üçin hem hünärmenler, türgenler atçylyk sportuna gatnaşdyryljak atlary seçip alýarlar. Konkura gatnaşdyrylýan atlar üç wagtyna iýmlenýär. Çapuwa gatnaşýan atlara günüň dowamynda 3 — 5 kilogram aralygynda arpa berilýän bolsa, konkura gatnaşýan atlar üçin onuň möçberi 7 — 9 kilogramdyr. 
Konkura gatnaşýan atlar bäsleşikden ozal, weterinar lukmanyň gözegçiliginden geçirilýär. Atlaryň ýürek urşy, temperaturasy kada laýyk bolsa, bäsleşige gatnaşdyrylýar. Saglyk ýagdaýy kadaly bolmadyklary bäsleşige goýberilmeýär. 
Mälim bolşy ýaly, konkur meýdançasynyň uzynlygy 80 metr, ini 50 metrden ybarat. Adaty ýaryşlarda päsgelçilikleriň beýikligi 1-1,80 metrden kesgitlenýär.

Ýaryşyň geçýän pursady türgen hem-de at az jerime aljak bolmaly. Sebäbi konkurda ýeňiji türgeniň goýberen ýalňyşlyklary üçin alan jerime bahalary, utuşlar hem sarp eden wagty hasaplanyp, netije çykarylýar. Atlar bir gezekde päsgelçilikden bökmän, kürtdürip dursa, ýörite kesgitlenen — jerime berilýär. Şonuň üçin türgen bilen atyň biri-birine düşünişmegi möhümdir.      

Päsgelçilikden bökmek boýunça ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramynda yglan ediler.

«www.metbugat.gov.tm» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan Dörtguly JUMAÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň öwreniji mugallymy.