Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Mergenler ýaryşdylar

Golaýda nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryş ýaraglaryň WP-2 görnüşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň, PP-1, PP-2 görnüşleri boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda guraldy.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde ýaşlaryň arasynda WP-2 görnüşi boýunça erkekleriň arasynda Ruben Sarkisýan I orna,  Hydyr Merdanow II orna, Danil Wertýanow III orna mynasyp bolmagy başardylar. Zenanlaryň arasynda bolsa Ýekaterina Arabowa I orny eýeledi.

Ýaragyň WP-2 görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Atamyrat Saparow I orna, Kemal Hudaýnazarow II orny, Döwletgeldi Geldinazarow 3-nji orny eýeledi.

Ýaragyň WP-1 görnüşi boýunça ýetginjek oglanlaryň arasynda Yhlas Goçow I orna, Mekan Berdiýew II orna, Nikita Çerpanow III orna mynasyp boldy.

Ýaragyň WP-1 görnüşi boýunça ýetginjek gyzlaryň arasynda Aýbölek Geldiýewa I orna, Jemal Mommadowa II orna, Gülgunça Aşyrowa III orna eýe bolup, ýeňişini baýram etdi.

Ýaryşyň PP-2 görnüşi boýunça ýetginjek oglanlaryň arasynda Arslan Penžiýew I orna, Timur Arslanow II orna, Alimuhammet Aýdogdyew III orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýaryşyň PP-1 görnüşi boýunça ýetginjek gyzlaryň arasynda Ýazgül Öwezowa I orna, Polina Wertýankina II orna, Wiktoriýa Sergeýewa III orna mynasyp bolmagy başardylar.

Ýaryşda baýrakly orna mynasyp bolan türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.

Batyr ANNAÝEW,

Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň instruktor-metodisti.