Soňky habarlar

Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi

Gerdeninde ulus iliň aladasyny göterip, gije-gündiz halkynyň bagtyýarlygyny berkarar edýän Gahryman Arkadagymyzyň dynç günlerinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy raýatlarymyzyň uludan kiçisine çenli görelde mekdebine öwrülýär.

Golaýda, has dogrusy geçen dynç gününde hormatly Prezidentimiziň ak şäherimiziň Köpetdag şaýoly bilen Andalyp köçesiniň çatrygyndan başlap 20 km. aralygy welosipedli gezelenç etmegi hem teleýaýlymlar arkaly synlan watandaşlarymyza ajaýyp baharyň tämiz säher howasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmäge ajaýyp çagyryş boldy.

Welosipedli gezelenjiň ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly ahalteke bedewiniň hormatyna dikeldilen binadan badalga almagy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda ahalteke bedewlerimize, atşynaslyk sungatyna goýlan belent sarpanyň nyşany boldy.

Bu bedew Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilip, Watanymyzyň täze taryhynda ýurdumyzyň resmi nyşanyna öwrüldi. Ýolboýy hormatly Prezidentimiziň «Gök guşak» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşyl zolaklary köpeltmegiň ekologik ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňleriň üstüni welosipediň hem diňe bir ynsan saglygyna peýdasy bolman, eýsem ekologik ähmiýetli ulag hasaplanýandygy bilen ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekde, sport we bedenterbiýe hereketleri bilen şahsy göreldesini görkezmegi halkymyzyň bu günki saglygyny, asudalygyny, ruhubelentligini üpjün edýär.

Welosipedli ýörişiň Bitaraplyk binasynyň ýanynda tamamlanmagy bolsa, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän, sagdyn durmuş yörelgesini berjaý etmegi yzygiderli wagyz edýän Ata Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenýän ýylynda dünýä ýüzünde «Türkmenistan — sagdynlygyň we sportuň mekany» hökmünde ynamy berkitjekdiginiň nyşanydyr.

Şirin ŞIRLIÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi.