Şu gün (20.04.2020) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda «Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» atly maslahat geçirildi.
Dabarada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň prorektory H.Nunnaýew, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy G.Kasymow we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, olar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýaşlary bedenterbiýä we sporta çekmekde durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň berdiler. Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň il ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maslahat Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen tamamlandy.
Maslahat Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guraldy.
Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.