Soňky habarlar

Artur Geworkýan: «Häzirki wagtda bütin dünýä Türkmenistanyň çempionatyna tomaşa edýär»

2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň badalga almagy bilen ilkinji tapgyryň duşuşygy geçirildi. «Altyn asyr» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky oýundan soňra «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Ahal» topary «Şagadamy» kabul eder. 4-nji tapgyryň bu oýnundan soňra ýaryş tablisasynda üýtgeşmeler ýüze çykyp biler. Şol üýtgeşmeler hakynda, umuman milli futbol çempionatymyz barada öz pikirlerini paýlaşmagyny AFK-nyň kubogynyň eýesi, «Ahalyň» tejribeli ýarymgoragçysy Artur Geworkýandan haýyş etdik.

— Şu gün «Şagadamdan» üstün çyksa, «Ahal» ýaryş tablisasynda öňe saýlanar. Şonuň üçin şol oýun hakyndaky pikirleriňizi paýlaşaýsaňyz?!

 —Şu gün «Şagadam» bilen geçiriljek oýun ýeňil bolmaz. Özem ol biz üçin örän möhüm duşuşyk. Ýöne çempionat ýaňy badalga aldy. Iň möhüm we jogapkärli oýunlar öňde. Biz her bir oýunda bolşy ýaly, şu günem diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdança çykarys.

— Häzirki wagtda diňe 5 döwletde futbol boýunça milli çempionatlar geçirilýär. Olaryň biri Türkmenistanyň ýokary ligasynyň bäsleşikleri. Bu ýagdaý oýunçylaryň jogapkärçiligini artdyrýandyr. Şu ýagdaý hakda aýdaýsaňyz?

Türkmenistanda asudalyk höküm sürýändigi, milli çempionatymyzyň bolsa dowam edýändigi diýseň ýakymlydyr. Futbolçylaryň jogapkärçiligi babatda aýdylanda, ol mydama hem ýokary bolýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde Türkmenistanyň çempionatyna gyzyklanma bildirilýändigine begenýärin.

— «Ahalyň» öňünde nähili wezipeleri goýýandygyny hemmämiz bilýäris. Size şu ýyl çempion bolmaga näme päsgel berip biler?

«Ahal» her ýyl çempionlygyň bir ädim bäri ýanyndan gaýdýar. Şu möwsüme hem ynamly gadam goýduk. Häzirki depginimizi saklasak, öňümizde goýlan wezipäni çözüp bileris. Şol bir wagtyň özünde bäsdeşlerimiziň hemmesiniň ýeňiş gazanmagy maksat edinýän gatybaş toparlardygyny bellemelidiris. Bu bolsa futbola bolan gyzyklanmany artdyrar. Şeýlelikde, çempionlyk ugrundaky göreş iň soňky tapgyra çenli dowam eder.

 — Artur, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size hemişe üstünlik ýar bolsun!

 — Sizem sag boluň!

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.