Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan futzal ýaryşy tamamlandy.
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sportuň birnäçe görnüşleri boýunça yzygiderli geçirilýän XI Uniwersiadanyň düzüminde girýän futzal (oglanlar) boýunça ýaryş Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda geçirildi.
Çekeleşikli geçen bu sport ýaryşynda I orny Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynyň, II orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, III orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýygyndy toparlary eýelemegi başardy.
Ýaryş öran gyzykly geçip, ýokary ruhubelentlige eýe boldy.
Muhammetmekan KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.