Soňky habarlar

«Istiklolyň» 250-nji duşuşygy, Wahyt Orazsähedowyň ilkinji goly

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň kubogyndaky garşydaşlary Täjigistanyň milli çempionatyna ýeňiş bilen başladylar.

Täjigistanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky esasy bäsdeşi «Istiklol» myhmançylykda uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Başdan-aýak ýagyşly howada geçen oýunda «Istiklol» ýokary ligadaky 250-nji duşuşygyny geçirip, Duşenbäniň «Duşenbe-83» toparynyň derwezesine jogapsyz 7 pökgi girizdi.

Täjigistanyň çempionatynyň 29-njy möwsüminde «Istiklolyň» ilkinji goluny ildeşimiz Wahyt Orazsähedowyň (26-njy minut) öz adyna ýazdyrandygyn bellemek gerek. Ondan soň Manuçehr Jalilow 3 gezek (31,60, 64) Şeriddin Babaýew 2 gezek( 80, 90), Alişer Jelilowam bir gezek (46-njy minut) tapawutlandy.

Düzüminde türkmenistanly legioner Wahyt Orazsähedow çykyş edip başlalay bäri «Istiklol» toparynyň bir gezegem ýeňlip görmändigini aýtmalydyrys.

«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň kubogyndaky ýene bir garşydaşy «Hujand» Pamiriň SSKA-nyň myhmany bolup 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

 «Hujandyň» gollaryny Sidorow (45-nji minut), Hurşed Beknazarow (63), hem-de Manuçehr Ahmedow (90+2) tora salan bolsa, oýnuň pamirlilerden Şodibek Gaffarow tapawutlandy (76-njy minut).

Merdan Baýat,

sport synçysy.