Soňky habarlar

«Arkadag Prezidentimiziň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi»

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Arkadag Prezidentimiziň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär wekilleri hem-de talyplardyr mugallymlar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň hemişe öz halkyna görelde bolýandygyny, şonuň netijesinde bu günki gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň ata Watanymyzda barha rowaçlanýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan dabaralaryň bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň öz miwesini berýändigi görkezýändigini aýtmak gerek.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň bilim ministrligi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty dabaraly maslahatyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Bibi GAÝLYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.