Olimpiýa şäherjiginiň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şol çärelere milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi.
Hususan-da, futzal, basketbol, tennis, fitnes, gimnastika, woleýbol, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar guraldy hem-de küşt we bouling oýnaldy.
Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle ýöriş Aşgabatda 3,5 müň adamyň gatnaşmagynda geçdi. Olar Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen şäheriň merkezindäki Döwlet münberine çenli aralygy geçdiler. Ýoluň uzaklygy 15 kilometre barabar boldy. Umuman, Türkmenistan boýunça, guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy.
Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli welaýatlaryň her biri çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. Onuň düzümine türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we ýoldaşlyk duşuşyklary, milli sport oýunlary boýunça bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar we ençeme beýlekiler girdi. Ähli stadionlar diýen ýaly, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, açyk meýdançalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň sport zallary ulanyldy.
Milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary boýunça bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge, bu ulgamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna bagyşlanylyp, ýörite taýýarlanylan gepleşikler berildi.
Şeýlelikde, tutuş ýurdumyzy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan çäreler gurşap alyp, türkmenistanlylary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlarynyň töwereginde — sagdyn durmuş ýörelgeleri, parahatçylyk we döredijilik ugrunda has-da jebisleşdirdi.
www.tdh.gov.tm