Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Mejlisler zalynda «Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet syýasaty-bagtyýar durmuşyň gözbaşy» ady bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahaty Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory Allaberdi Saparow açyp, ol hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ileri tutup, sagdyn nesliň binýadyny gurýanlygy dogrusynda çykyş etdi. Şeýle-de, maslahatda institutyň mugallymlary, Türkmenistanyň Saglyk ulgamynyň jogapkär wekilleri we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşanlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Dabara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşy bilen tamamlandy.
«Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet syýasaty-bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahatyň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasaty Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty çykyş etdi.
Sonajan TEKEMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.