Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan welosiped ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär.
Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan subut edildi.
Arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna getirýär.
Ýeri gelende bellesek, welosiped sürlen wagtynda bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär. Welosipedi dolandyrýan pursadymyzda ýa-da ylgan wagtymyz hereket etmeýän örän köp sanly myşsalar hem işläp başlaýar. Bedendäki bar bolan ähli kiçijik damarlaryň işe girmegi bilen öýjüklere gerek bolan kislorod üpjünçiligi kadalaşýar we umumy işjeňlik artyp, beden berkeýär.
Esasy belläp geçmeli zatlaryň ýene biri, yzygiderli welosiped sürmek adam bedeniniň Günüň ýiti we göni şöhlesiniň ýetirýän zyýanly täsirlerine bolan garşylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde hem adamyň beden öýjüklerindäki bolup geçýän garramak hadysasynyň derejesi pese düşýär.
www. metbugat.gov.tm