Soňky habarlar

Türkmen futbolçysy Wahyt Orazsähedow ikinji oýnunda ilkinji kubogyny gazandy

Täjigistanyň superkubogy ýene-de «Istiklola» nesip etdi. Olar ýurduň superkubogyna Duşenbäniň merkezi stadionynda «Hujand» bilen geçirilen oýundaky ýeňşi (2:1) arkaly mynasyp boldular.

2020-nji ýylyň 4-nji aprelinde sagat 17:00-da başlanan oýnuň eýýam ikinji minutynda «Hujandyň» futbolçysy Sanjar Rihsibaýew hasaby açanam bolsa, Mançuher Jalilowyň 78-nji minutda we Muhammetjan Rahimowyň 80-nji minutda tora salan gollary esasynda «Istiklola» üstünlik gazandy.

Bize ähmiýetli bolan tarapy «Istiklolyň» düziminde çykyş eden ildeşimiz Wahyt Orazsähedowyň täze toparynda ilkinji gezek kubok gazananlygydyr. Ildeşimiz 58-nji minutda ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan meýdança girdi. Şeýlelikde, Täjigistanyň superkubogyny gazanan Wahyt Orazsähedow 2020-nji ýylda kubok gazanan ilkinji türkmenistanly futbolçy boldy.

Türkmenistanly hüjümçi şu ýylyň dowamynda «Istiklolyň» hatarynda iki oýunda çykyş edip, ikisinde hem ýeňiş gazandy. Şonuň netijesinde, Wahyt Orazsähedow ikinji oýnunda «Istiklolyň» düzmindäki ilkinji kubogyny gazanmagy başardy.

Nejep BAÝAT,

sport synçyçy.