Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýola goýmak babatda, raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan bu ugrunda hormatly Prezidentimiziň hut özi ýaşlara we dürli ýaşly raýatlarymyza özüniň şahsy göreldesini görkezýär. «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, şonuň ýaly-da türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmaklyga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn çemeleşmek esasynda amala aşyrylýar. Maksatnamanyň çäginde geçirilýän çäreler, ýurdumyzdaky sport desgalarynyň tehniki üpjünçilik ýagdaýlaryny berkitmek, ýokary derejeli tälimçileri we türgenleri ýetişdirmek barada durmuşa geçirilýän işler ýokary netijesini berýär.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine degişli pudaklaryň hünärmenleri, talyp ýaşlar dynç günlerinde Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoluna guralýan ýörişler hem ruhubelentlige beslenýär. Şeýle ýörişleriň her dynç günlerinde guralmagy raýatlaryň arasyndaky sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge endik etdirýär.
Sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça paýtagtymyzda, welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliklerinde hem dürli çäreler alnyp barylýar.
Häzirki möwsümleýin keselleriň ýüze çykýan döwründe halk lukmançylygynyň usullaryna ýüzlenmek maksadalaýykdyr. Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda türkmen tebigatynda bitýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Ýokanç keselleri bejermekde dermanlyk ösümlikleriň içinde üzärligiň peýdasy has köpdür. Onuň tüssesiniň bakteriýalary we mikroblary ýok edýändigi ylmy nukdaýnazardan subut edilendir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň sport desgalarynyň ählisinde üzärligi ýygy-ýygydan tüsseletmek, profilaktiki arassalaýyş işlerini geçirmek, antiseptik serişdeleri ulanmak işleri ýokary derejede guralyp, gündelik ýerine ýetirilýär.
www.msy.gov.tm