Soňky habarlar

Körpeler sport bilen meşgullanýarlar

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölüminiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda ýaş nesliň sporta bolan höwesini artdyrmak, olaryň arasynda hereketli we milli oýunlary ösdürmek, çagalaryň bedenterbiýe we sagdyn durmuş yörelgelerine eýermekde işjeňligini gazanmak maksady bilen dürli çäreler geçirilip durulýar.

Aşgabat şäherindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda we çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň arasyndaky şeýle çäreleriň biri 128-nji çagalar bagynda guraldy.

«Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň körpeleri» atly sportuň gandbol görnüşi hem-de hereketli oýunlar boýunça guralan bäsleşikler körpelerde uly gyzyklanma döretdi. «Guralan bäsleşikler çagalarda örän uly täsir galdyryp, olaryň sporta bolan höweslerini has-da ýokarlandyrdy» diýip, çagalar bagynyň ýolbaşçylary bellediler.

Şöhrat ORAZOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.