Soňky habarlar

Sport ulgamy kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň şanyna şan goşýan sport ulgamy döwrüň täze gazananlary bilen barha kämilleşýär. Ýurdumyzyň baş maksady bolsa täze nesli beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ýokary bilimli, maksada okgunly edip ýetişdirmekdir. Şu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň görelde bolmagy bilen sport ulgamynda uly işler amala aşyrylýar.

Sport bu diňe bir beden işjeňligini kadalaşdyrman, ruhy dünýäňi, aň-düşünjäňi kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda ýaşlaryň akyl zähmetiniň, döredijilik üstünlikleriniň ýygjamlaşmasynyň aglabasy sportuň berýän oňyn netijeleridir. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, raýatlarymyzyň 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli ählisi diýen ýaly sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşi bilen meşgullanýar.

Muňa biz bagtyýarlyk döwrümizde has aýdyň göz ýetirdik. Adam bedenini hem-de aň-paýhasyny kämilleşdirýän sportuň ähmiýeti ýaşlaryň arasynda barha ýokarlanýar. Üns berip görsek, döredijilik adamlarynyň köpüsi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Onuň asyl sebäbi bir-ä işiňde ýadawlyk duýdurmaýar, birem beýni ulgamynyň işini sazlap, adamyň çalt pikirlenmegine ýardam berýär. Iň esasy hem bedeniňi syratly edip, juwanlyk görküňi saklamaga täsir edýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda raýatlaryň sporta bolan höwesi gitdigiçe artýar. Ýurdumyzda sagdynlygyň sakasy bolan sporty ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy mydama aman bolsun!

 www.msy.gov.tm