Golaýda, «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda badminton boýunça ýaryş geçirildi.
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralýan bu ýaryşda talyp gyzlar we oglanlar badminton boýunça bäsleşdi. Iki gün dowam eden gyzgalaňly ýaryşyň netijesinde oglanlardan düzülen toparlaryň arasynda I orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, II orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, III orna bolsa, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti mynasyp boldy.
Gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda I orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, II orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, III orna bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti eýe bolmagy başardy.
Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy
Begmyrat BALAKAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sport klubunyň başlygy.