Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabara geçirildi. «Ajap gözelligini paýlap äleme, Nowruz geldi Arkadagly ilime» ady bilen geçirilen dabara uly mejlisler otagynda guraldy.
Dabarada «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk döredijiligine degişli aýdymdyr sazlar ýaňlanyp, olar bu çärä gatnaşan professer-mugallymlarda we talyplarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şeýle-de, milli öwüşgin çaýylan sahnada talyplaryň ýerine ýetirmeginde ýaglyga towusmak, düzzüm, milli göreş, aşyk ýaly milli oýunlarymyz sahnalaşdyryldy.
Ýokary guramaçylykda geçirilen dabarada Milli bahar baýramy mynasybetli gutlaglar hem aýdyldy. Dabara gatnaşanlaryň ählisi türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, halkara derejeli emin.