Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň mekany Eziz Diýarym» atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşigiň iňlis dilinde alnyp barylandygy onuň esasy aýratynlygy boldy.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary öz aralarynda bäsleşdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty baş baýraga mynasyp boldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty I orny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy II orny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bolsa III orny eýelemegi başardylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
www.msy.gov.tm