Soňky habarlar

   «Ýaş habarçy» bäsleşigi: gujagynda ýazy gülleýän Watan

Gujagynda ýazy gülläp duran, gyjagynda sazy gürläp duran bu Watanda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan bu ýylymyz hem şanly senelere baý bolup gelýär . Toýlary toýa, baýramlary baýramlara ulaşyp, geljek sary batly gadam urup öňe barýan eziz Watanymyz ýatdan çykmajak seneleriň biri bolan Halkara zenanlar gününi giňden belläp geçdi.

Bahar paslynyň gelmegi bilen baýramçylyk lybasyna bürenip ýaşyl ýapynjasyny ýapynan türkmen sährasynadyr baharyň hoştap howasynyň lezzetini duýup oýanan gür baglyga gözüň düşende diliňe süýji sözler geliberýär. Zybandan çykýan şirin sözler setirlere sepleşip şygyr bolup ýaňlanýar. Elbetde, bu baharyň täsiri, joşguny bolsa gerek. Şeýle joşgun bilen gelen baharyň ilki baýramy hem uly şowhuna beslendi. Bahar bägüllerine çalymdaş gözel zenanlarymyzyň waspy hemişe ýüreklerden orun alýar. Nirede bolsaň-da, mährine çoýup gujagyna atarýan beýik mukaddeslikleriň biri Watan bolsa, biri enedir.

Bu gün şol enelere sarpaly ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda zähmet çekýän aýal-gyzlara, ýokary we orta okuw mekdeplerinde okap bilim alýan talap gelin-gyzlara, şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa Bitaraplygyň dabaralanýan, bagtyýarlyk mukamynyň ýaňlanýan döwletimizde türkmen zenanlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Gözel UMAROWA,

TMÝG-nyň Lebap welaýat Darganata etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.