Soňky habarlar

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilýän milli we halkara baýramlary dabaralandyrmak maksady bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlap, «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport-sagaldyş lageri 2020-nji ýylyň 7-nji martynda döredijilik duşuşygyny geçirdi.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynda guralan bu duşuşyga «Saglyk» žurnalynyň bölüm müdiri Miwe Nabatowa bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Gyzylgül Topbyýewa myhman hökmünde çagyryldy.

Olar döredijilik duşuşygyna gatnaşan talyp ýaşlara häzirki ajaýyp zamanamyzda ýaşlar, şol sanda zenanlar babatda döredilýän mümkinçilikler hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar talyplaryň sowallaryna jogap berdiler.

Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan duşuşygyň guramaçylykly geçmegine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýakyndan ýardam berdi.

Şirin ŞIRLIÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi.