Bu günler tutuş ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan 8 Mart- Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Ýakymly aladalara, şadyýanlyga baharyň gül desselerine, mähirli arzuwlara beslenen bu günler zenanlara hormat goýulýar. Olar aýratynam alada we söýgi bilen gurşalýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many - mazmuna eýe bolan beýleki milli baýramçylyklarymyz ýaly halkara zenanlar güni hem ýurdumyzda milli ýörelgelere laýyklykda bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet derejesinde hakykatdan-da uly üns berilýändigini görkezýän subutnamadyr. Ata watanymyzyň şan-şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralar tutuş ýurdumyzy gurşap alýar.
Ýurdumyzyň kärhanalarynda, edaralarynda we bilim ojaklarynda ajaýyp zenanlara, mährem enelere, aýal-gyzlara bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak dabaralary bolup geçýär.
Dabaralaryň geçirilýän günlerinde biziň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebimizde hem, rus we iňlis dilleriniň hepdeligine utgaşdyryp, mekdebiň mejlisler otagynda baýramçylyk çäresi geçirilip, dabaranyň soňunda aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary, şeýle hem işde tapawutlanan gelin-gyzlara ýagny, mekdebiň inženeri Jennet Sahyrowa, şepagat uýasy Annagül Baýramgulyýewa, aşpezi Ogulmaral Baýramowa, geýim-gejimlere seredijisi Dünýägözel Öwezgeldiýewa, mekdebiň işçileri Annagül Saryýewa, Annagül Gurdowa we Güljemile Ýazyýewa dagylara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramçylyk dabarasynyň soňunda, özleri üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar!
Jemal MURADOWA,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktorynyň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary