Soňky habarlar

XI Spartakiadanyň ýaryşlary Ahal welaýatynda

Ahal welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sport görnüşleri boýunça «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiada ýaryşy tamamlandy.

Ýaryşlar Saprtakiadanyň maksatnamasyna laýyklykda kiçi futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, stol tennisi, milli göreş, küşt, tennis boýunça geçirildi. Etraplarynyň we şäherleriň işjeň gatnaşan bu ýaryşy Ak bugdaý etrabynyň we Tejen şäheriniň sport mekdeplerinde guraldy.

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň jemi boýunça toparlaýyn I orna Ak bugdaý etraby, II orna Tejen etraby, III orna bolsa Bäherden etraby eýe bolmagy başardy.

Ahal welaýat hämikliginiň, Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu ýaryşyň ýapylyş dabarasy ýeňijilere baýrak gowşuryş bilen tamamlandy.

Abadan AMANBERDIVEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.