Ýakynda dzýudo boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
«Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy» sport öýünde geçirilen ýaryşda ýetginjekler dürli agramlarda bäsleşdiler. Şeýlelikde, aşakdaky türgenler I orna mynasyp boldular:
Orazgeldi Hudaýberdiýew (29 kg)
Halyl Annagurbanow (32 kg)
Muhammetaly Kakabaýew (35 kg)
Aman Amanmuhammedow (38 kg)
Ahmet Amandurdyýew (42 kg)
Söhbet Myratgulyýew (46 kg)
Seýitmuhammet Annanepesow ( 50 kg)
Azym Amanow (55 kg)
Umyt Ýakubow (60 kg)
Adyl Mämmedow (60 kg)
Umumytoparlaýyn I orna 1-nji sport mekdebi, II orna 4-nji sport mekdebi, III orna bolsa 2-nji sport mekdebi mynasyp boldy.
Ýaryşyň ýeňijilerine 1-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary we Bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Aşgabat şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.