Aşgabatda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bu bäsleşige, ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Okuwçylar taýýarlan işleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, dürli maglumat gorlarynyň elektron usula geçirilmeginde, ylmyň we tehnikanyň täze ösüşlerine ýetmekde alyp barýan işlerine öz goşandyny goşýandygyny subut etdiler.
Üç aýratyn ugur, ýagny, robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurlar boýunça seljermeden soň, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, robot tehnikasy boýunça, Tahyr Azamadow, Maýa Maksadowa we Akmuhammet Myradow ýaňiji bolmagy başardy.
Takyk ugurlar boýunça, Durdygylyç Mergenow, Eziznazar Nurnazarow we Gurbansoltan Gurbandurdyýewa dagy tapawutlanyp, ýeňiji boldular.
Tebigy ugurlar boýunça Hatyja Annagylyjowa, Alymyrat Sarygulow we Altyntäç Arbadowa dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýunus ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Surata düşüren Wepa GYLYJOW.